BIZ BARADA

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegi bilen daşary ýurtly myhmanlaryň beýleki dynç alyş merkezleri, esasanam Türkmenistanyň çäginden daşarda meşhur bolan mineral çeşmeli hem-de sagaldyş palçykly sagaldyş merkezleri bilen gyzyklanmasy has-da artýar. Häzirki wagtda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň 10 117-sini kabul edip bilýän 18 sany myhmanhana, 8 sany dynç alyş we sagaldyş merkezlerim, şol sanda 1 380 orunlyk çagalar üçin lagerler hem-de 9 sany kottejler toplumlary hereket edýär. Dynç alyjylaryň hyzmatynda 4 sany seýilgäh bolup, olardan 2 sanysy oýun otraksionly seýilgählerdir. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döredilen umumy meýdany 83600 m2 bolan, teatrlaşdyrylan intraktiw deňiz suw çüwdürümlerini, amfiteatry, çagalar üçin attraksionly oýun meýdançalary, birnäçe kafeler, gök zolaklar, tehniki desgalary öz içine alýan seýilgäh bu ýere dynç almaga gelýän syýahatçylarynyň hem-de şäheriň ilatynyň iň söýülýän ýerine öwrüldi

Mawy deňiz Size garaşýar!

Ýahtalar, gaýyklar, katerler, katamaranlar, suw paraşýutlary – bu dynç alýanlar üçin hödürlenýän hyzmatlaryň diňe bir bölegi. Sport toplumlary, tennis meýdançalary, suw howuzlary, atlaryň üstünde gezelenç, attraksionlar, diskoklublar, ajaýyp restoranlar, mini kafeler - bularyň hemmesi mawy deňiz, gülleýän ýaýla hem-de depeler bilen bilelikde utgaşyp, aýratyn bir özboluşlulygy gözelligi döredýär. Däp bolan myhmansöýüjilik hem-de hyzmatyň ýokary derejesi, ajaýyp howa şertleri, amatly ekologik şertler, arassa deňiz suwy Awazanyň özboluşlylygyny aýratyn belläp geçýär.