Iň köp soralýan soraglar

Saýlan myhmanhanany web sahypaň üsti bilen onlaýn ýüz tutma ugradyp ýa-da telefon arkaly bron edip bilersiňiz. Myhmanhana entek karar bermedik bolsaňyz ýa-da bron hakda anyklamak isleseňiz, web sahypada görkezilen belgilere jaň edip bilersiňiz.Size amatly myhmanhana saýlamaga we bron etmäge kömek ederler.

Giriş: 14:00 Çykyş: 12:00

5 ýaşa çenli çagaly müşderilere: Çagasy üçin – aýratyn ýer we iýmit berilmezden mugytyna ýerleşdirilýär. 5 ýaşdan 12-ýaşa çenli çagaly müşderilere: Çagasy üçin – otagyň bahasyndan 25% töleg ertirlik nahary, matras we ýatgy üçin niýetlenen esbaplar tölegiň içine girýär. 12 ýaşdan ýokary çagaly müşderilere: Çagasy üçin – otagyň bahasyndan 50% töleg ertirlik nahary, matras we ýatgy üçin niýetlenen esbaplar tölegiň içine girýär.

Ertirlik otagyň bahasyna girýär we sagat 8: 30-dan 10: 00-a çenli hödürlenýär.

• Ilki bilen myhmanhana saýlamaly • Myhmanhanany bronlamaly • Ýollanma almaly (1-2 günüň dowamynda otaglary bronlap we ýollanma haty berilýändir) • Petekleri satyn almaly • Ýaşaýan ýeriňiz boýunça СOVID-19-a garşy sanjym almaly. ( Ýollanma haty bilen Saglyk öýünden sanjym alyp bilersiniz.) • Migrasiýa gullygyndan rugsatnama resmilleşdirmeli. (sanjym alnan ýeriňde) Gerek resminamalar – pasport, СOVID – 19 – a sanjym kepilnamasy , ýollanma haty. Bellik: 18 ýaşdan uly raýatlardan СOVID – 19 – a garşy sanjym edilendigini , lukmançylyk gözegçiliginden we soňky 72 sagadyň dowamynda COVID- 19 test barlagyndan , şeýle hem 18 ýaşa çenli raýatlardan bolsa, soňky 72 sagadyň dowamynda COVID -19 test barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama bolmaly. • Indi diňe myhmanhana ýerleşmek galýar

Bron diňe myhmanhanada boljak myhman üçin edilip bilner. Başga bir adamy bron etmek isleseňiz dil haty bolmalydyr, ýogsam ýerleşdirilmegi ret edilip bilner. Brondan soň myhmanyň ady üýtgese, düşünişmezliklerden gaça durmak üçin azyndan 1 gün öň habar berilmelidir.

Tassyklamak üçin habarlaşyp bilmedik ýagdaýlarynda, myhmanhana bronyňyzy ýatyryp biler. Şeýle ýagdaýlardan gaça durmak üçin telefon belgileriniňizi dogry görkezmegiňizi haýyş edýäris.