Awaza ― 2021: dynç alyş üçin nähili resminamalary taýýarlamaly?

24.05.20

1-nji iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş gaýtadan açylar. Ýer ýüzünde koronowirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlaryň dowam edýänligi sebäpli, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary Awazada şu möwsümde dynç almagyň düzgünleri barada ýörite Tertibi taýýarlady. Şol tertibe laýyklykda, Hazaryň türkmen kenaryndaky syýahatçylyk merkezinde dynç almagyň düzgünlerini gysgaça salgy berýäris.

― Awazada dynç almak üçin ilkinji iş ýollanma resmileşdirmekden başlanýar. Ýollanmany edaralarda işleýän adamlar degişli ministrliklerinden we pudak edaralaryndan, wagtlaýyn hiç ýerde işlemeýän ildeşlerimiz welaýat häkimliklerinden alyp biler;

― Ýollanma alnansoň, şol resminama we raýatlyk pasporty bilen raýat COVID-19-a garşy sanjym alynmaly nokada barmaly we bu sanjymy almaly. Sanjym kabul edilensoň, Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli wekili degişli resminamalary taýýarlap berýär;

― «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelmezden öň 18 ýaşdan uly raýatlar üçin COVID-19-a garşy sanjym edilendigini, lukmançylyk gözegçiliginden we soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19 garşy test barlagyndan geçenligini tassyklaýan kepilnamalar gerek;

― 18 ýaşa ýetmedik raýatlar üçin diňe 72 sagadyň dowamynda COVID-19 test barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama talap edilýär.