Awaza ― 2021: zolakda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýerine ýetiriljek çäreler

25.05.20

Türkmenistanda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar tarapyndan taýýarlanan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň wagtlaýyn Tertibine laýyklykda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wezipeleri we borçlary kesgitlenildi. Bu barada Tertibiň IV babynda görkezildi.

Tertibe laýyklykda, zolakda dynç alynýan günlerde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan aşakda görkezilen işler alnyp barlar:

1) «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkezini «Serdar» myhmanhanasynda ýerleşdirmek boýunça guramaçylyk işleri amala aşyrylar. Dolandyryş merkezine (ştaba) Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri ýolbaşçylyk edýär. Bu merkez gije-gündiziň dowamynda işlär we ýüze çykan islendik soraglary gyssagly çözer. Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy raýatlarymyzyň howpsuz dynç almagyny üpjün etmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlap, tassyklamak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna berler;

2) Zolakda ýerleşýän desgalaryň daş-töwereginde şertnamalaýyn zyýansyzlandyryşy, ýagny dezinfeksiýa, dezinseksiýa we deratizasiýa işleriniň geçirilişi gurnamalar;

3) Zolaga girilýän ýerde gözegçilik nokadynda saglygy goraýyş işgärleriniň gije-gündiz nobatçylygy gurnamalar;

4) Zolagyň gözegçilik geçiriş nokatlaryndan geçýänleriň saglyk ýagdaýyna gündelik gözegçilik amala aşyrylar;

5) Zolaga dynç almaga gitjek raýatlara bellenilen tertipde, soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19 test barlagyny we COVID-19-a garşy sanjym edilendigini tassyklaýan resminamalar berler;

6) «Awaza» şypahanasyna gelýän raýatlara şahsyýetini tassyklaýan pasportynyň, raýatlaryň ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýlerinden berilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan şypahana kartasynyň, COVID-19 test barlagyndan geçendigi barada kepilnamasynyň, şeýle hem COVID-19-a garşy sanjym edilendigini tassyklaýan resminamanyň esasynda şypahana barmaga we şypahana bejergisini almaga rugsat berler;

7) Möwsüm döwründe takyk epidemiologiki ýagdaýlardan ugur alyp, raýatlaryň şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmegine we agyz-burun örtüklerini ulanmagyna gözegçilik ediler;

8) Zolakda jemgyýetçilik gigiýenanyň şertleriniň güýçlendirilen tertipde berjaý edilişine gözegçilik ediler;

9) Hazar deňziniň suwuna Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň kabul eden «Hazar» deňziniň suwunyň ekologiýa we sanitariýa-epidemiologiki ýagdaýyna gözegçilik işleriniň alyp barmagyň Tertibine» laýyklykda yzygiderli gözegçilik ediler;

10) Zolagyň çäginde ýerleşýän agyz suw süýjediji desgada, onuň sanitar-gorag zolagynda, şeýle hem beýleki desgalarda, deňziň kenarýaka suwa düşülýän we dynç alynýan (rekreasiýa) zolagynda arassaçylyk ýagdaýlary gözegçilikde saklanylar;

11) Zolakda işleýän raýatlaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik işi amala aşyrylar we tiz kömek hyzmatlary (awtoulag we derman serişdeleri) bilen üpjün ediler;

12) Dolandyryş merkezine, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň degişli edaralaryna COVID-19-a garşy sanjym edilen adamlaryň sanawyny (elektron görnüşinde) gündelik iberilmegi üpjün ediler;

13) Ýurdumyzyň epidemiologiki ýagdaýyna gündelik seljeriş işleri geçiriler we berk gözegçilikde saklanylar;

14) Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şu tertibiň kadalary boýunça wagyz-nesihat çäreleri guralar.