Awaza ― 2021: zolakda amala aşyrylmaly işler kesgitlenildi

25.05.20

Türkmenistanda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar tarapyndan taýýarlanan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň wagtlaýyn Tertibine laýyklykda, zolakdaky desgalarda işleri ýola goýmagyň çäklerinde amala aşyrylmaly öňüni alyş çäreleri düzgünleşdirildi. Bular barada Tertibiň III babynda görkezilýär.

Jogapkärler bellenildi. Babyň ilkinji bölüminde zolakdaky myhmanhanalara, kottejlere, dynç alyş merkezlerine we beýleki desgalara jogapkär wise-premýerleriň atlary görkezilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary öz garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň Awazadaky desgalaryna yzygiderli gözegçilik ederler. Ýurduň welaýatlarynyň adyny göterýän dynç alyş we sagaldyş merkezlerine bolsa sebitleriň häkimleri jogapkär bolar.

Hemmelerden talap ediler. Zolakdaky desgalarda hyzmat edýän ähli işgärleriň agyz-burun örtüklerini dogry ulanmagyna, şahsy gigiýenanyň düzgünleriniň berk berjaý edilişine administrasiýa tarapyndan ýörite jogapkär adam berkidiler.

Zyýansyzlandyryş işleri geçiriler. Zolagyň desgalarynyň girelgelerinde aýakgaplary zyýansyzlandyrmak üçin zyýansyzlandyryş erginli düşekçeleri goýlar we olaryň yzygiderli zyýansyzlandyryjy erginler (Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan rugsat berilýän zyýansyzlandyryjy serişdeler) bilen olaryň gözükdirijisine laýyklykda öllenip durulmagy üpjün ediler.

― desgalaryň otaglarynda günüň dowamynda zyýansyzlandyryjy serişdelerini ulanmak arkaly azyndan iki gezek arassaçylyk işleriniň geçirilmegi üpjün ediler.

― zolagyň desgalarynyň girelgelerinde adamlary ýiti ýokanç kesellerden goramak maksady bilen, ellerini zyýansyzlandyryş erginleri bilen zyýansyzlandyrylmagy üpjün ediler.

Girelgelerde adamlaryň gyzgynlygy ölçeniler. Zolagyň desgalarynyň girelgelerinde adamlaryň beden gyzgynlygyny galtaşyksyz ölçemegi we agyz-burun örtükli bolmagy üpjün ediler.

― ulanylan agyz-burun örtüklerini atmak üçin zyýansyzlandyryjy erginli, gapakly gaplar bilen ýeterlik derejede üpjün ediler.

― zolagyň desgalarynyň ähli galtaşyk üstleri, ýagny gapy tutawaçlary, çyralaryň ýakylýan düwmeleri, basgançaklaryň eltutarlary, liftleriň içi, stollaryň we tekjeleriň üst ýüzleri, oturgyçlaryň arkalary we adamlaryň elleriniň degýän beýleki ýerleri we ulanýan enjamlary desgalaryň ýörite işgärleri tarapyndan zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen (Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan rugsat berilýän zyýansyzlandyryjy serişdeleri bilen) her 3 sagatdan, pollary günüň dowamynda 2 gezek süpüriler.

― zolagyň desgalarynda üzärlik otunyň tütedilmegi we otaglaryň yzygiderli ýelejiredilmegi üpjün ediler;

― zolagyň desgalarynda howa ulgamynyň arassalaýjy süzgüçleri hepdede 1 gezek arassalanyp-tämizleniler, soňra hökmany ýörite kwars ýa-da bakterisid çyralary arkaly zyýansyzlandyrylar.

― el ýuwulýan ýerleri suwuk sabyn, antiseptik serişdeler we bir gezek ulanylýan el süpürgiçler bilen üpjün ediler.

Naharhanalarda bellenen talaplara eýeriler. Myhmanhanalaryň naharhanalarynda we aşhanalarynda ähli hyzmat edýän işgärleri agyz-burun örtükler hem-de ellikler bilen ýeterlik derejede üpjün ediler we olaryň talaba laýyk ulanylmagyna we ýok edilmegine gözegçilik ediler.

Naharlary eltip bermek hyzmaty ýola goýlar. Dynç alýan adamlaryň arasynda özara galtaşyklary aradan aýyrmak maksady bilen, myhmanhanalaryň naharhanalarynda taýýarlanylýan tagamlaryň ýaşaýyş otaglaryna eltip bermek hyzmaty ýola goýlar. Myhmanhanalardaky naharhanalarda (zallarynda) adamlaryň arasynda kesgitlenen 2 metr araçägiň saklanylmagy üpjün ediler we raýatlar tapgyrlaýyn naharlanylar (şeýle şertler berjaý edilmedik naharhanalarda (zallara) myhmanlary naharlamak gadagan ediler). Şol bir wagtda bir stoluň başynda bir otagda ýaşaýan raýatlara naharlanmaga rugsat berler.

Gap-gaçlaryň arassaçylygyna aýratyn üns berler. Myhmanhanalaryň naharhanalarynda ulanylýan gap-gaçlar arassaçylyk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda arassalanylar we zyýansyzlandyrylar.

Ýokançlyk güman edilen ýagdaýynda dessin çäreleri geçiriler. Dünýädäki we sebitdäki durnuksyz epidemiologiki ýagdaýlaryň dowam edýändigini nazara alyp, zolagyň myhmanhanalarynda raýatlarda ýokanç keseller güman edilen ýagdaýynda olary saglyk otaglaryna çetleşdiriler we dessin çäreleri geçiriler.

Howuzlar zyýansyzlandyrylar. Myhmanhanalaryň çäginde ýerleşen suwa düşülýän howuzlary zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen arassaçylyk kadalaryna laýyklykda zyýansyzlandyrylar we serişdeleriň gerekli mukdarynyň yzygiderli gory üpjün ediler.

Akwaparkyň adam sany 50 göterime çenli azaldylar. «Awaza» akwaparky suwa düşülýän merkezinde bir wagtda dynç alýan raýatlaryň sanynyň 50% sygymlylygyndan artyk bolmazlyk şerti berjaý ediler.

Bellenen aralyk talap ediler. Myhmanhanalaryň içinde, deňizýaka kenarlarda, «araçägi 2 metr sakla» diýen ýazgylar bilen üpjün ediler.

Myhmanhanalaryň deňiz tarapy çäklendiriler. Deňziň kenarýaka zolagynda ýerleşýän myhmanhanalar kenarýaka tarapyndan bir birinden çäklendiriler.

Ähli desgalar zyýansyzlandyrylar. Zolagyň desgalarynda zyýansyzlandyryş işleri ýerli arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda geçiriler.

― zir-zibil ýygnalýan nokatlar her gün arassalanylyp zyýansyzlandyrylar.