Awaza ― 2021: dynç alýanlary kabul etmek düzgünleri kesgitlenildi

25.05.20

Türkmenistanda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar tarapyndan taýýarlanan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň wagtlaýyn Tertibine laýyklykda zolakda ýerleşýän myhmanhanalarda we kottejlerde raýatlary kabul etmegiň düzgünleri aýdyňlaşdyryldy.

Myhmanhananyň ady ýollanmada görkeziler. Myhmanhanalarda we kottejlerde dynç almak üçin isleg bildiren raýatlar syýahatçylyk edaralaryndan ýa-da zolakda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişliligi boýunça ministrlikleriň ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýerli edaralaryndan alnan degişli myhmanhananyň ady, salgysy bellik edilen (bron edilen) ýollamanamalary alýarlar;

Dynç alýanlaryň sany myhmanhananyň umumy sygymynyň deň ýarysyna barabar bolar. Ygtyýarly edaralar tarapyndan, raýatlara ýollamanamalary resmileşdirilende, myhmanhanalarda bir wagtda dynç alýan raýatlaryň sanynyň myhmanhananyň 50% sygymlylygyndan artyk bolmazlyk şerti berjaý edilmelidir;

Dynç aljaklar koronowirusa garşy sanjym almaly bolar. Raýatlara gitmezinden 10 gün öň ýollamanamalary alanlaryndan soňra ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite nokatlarda (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjym edilýär we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekillerine dynç alşa gidýän senesi barada bellik etdirýärler we şol ýerde zolaga girmek çäklendirilýän döwür üçin rugsatnama alýarlar. Şunda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky hususy eýeçilige degişli kottejleriň eýeleri we olaryň maşgala agzalary hem-de myhmanhanalaryň otaglarynyň hususy eýeleri we olaryň maşgala agzalary üçin ýollanma haty talap edilmeýär. Olara eýeçilik hukugyny tassyklaýan resminamalar esasynda, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite nokatlarda (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjym edilýär hem-de migrasiýa gullugynyň wekillerine dynç alyşa gidýän senesi barada bellik etdirilip, şol ýerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna girmek çäklendirilýän döwür üçin rugsatnama berilýär.

Dynç alşa gitmek üçin isleg bildirýän, 18 ýaşdan uly raýatlardan COVID-19-a garşy sanjym edilendigini, lukmançylyk gözegçiliginden we soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19 test barlagyndan, şeýle hem 18 ýaşa çenli raýatlardan bolsa, soňky

72 sagadyň dowamynda COVID-19 test barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama talap edilýär;

Diplomatlar DIM-den ylalaşyk hatyny almaly bolar. Ýollanmalar daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işgärlerine resmileşdirilende olardan goşmaça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ylalaşyk hatlary talap edilýär.

COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym geçirilendigi baradaky degişli resminamasy bolan Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt Ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary zolakda boljak myhmanhanalary we dynç alyş seneleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ylalaşýarlar. Bu raýatlaryň soňky

72 sagadyň dowamynda COVID-19 test barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminamany almagy hökmanydyr.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu barada degişli myhmanhanalara we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna habar berýär.

Bir otagda iki adam ýerleşdiriler. Mümkinçilige görä raýatlar bir-iki adamlyk otaglarda (maşgalaly raýatlardan başgalary) ýerleşdirilýär.

Gündelik hasabat berler. Myhmanhanalaryň administrasiýasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkezine we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň degişli edaralaryna myhmanhanada galýan adamlaryň sanawyny we hasabatyny bildirilýän talaplara laýyklykda gündelik iberýär.

Myhmanhanalaryň sygymyna gözegçilik ediler. Balkan welaýatynyň Awaza etrap häkimliginiň zolagy dolandyrmak baradaky Baş müdirligi ygtyýarly edaralar tarapyndan, raýatlara ýollamanama resmileşdirilende, myhmanhanalarda bir wagtda dynç alýan raýatlaryň sanynyň myhmanhananyň 50% sygymlylygyndan artyk bolmazlygyna gözegçilik edýär we bu boýunça takyk hasabaty ýöredýär.

Degişli resminamalar talap ediler. Zolakda ýerleşýän ilata hyzmat edilýän desgalara kabul ediljek işgärleriň bellenen tertipde lukmançylyk gözegçiliginden geçirilmegi, şol sanda olardan COVID-19 test barlagyndan geçendigi barada kepilnamasynyň, şeýle hem COVID-19-a garşy öňüni alyş sanjymy edilendigini tassyklaýan resminamasynyň bolmagy talap edilýär.

Gözegçilik-geçiriş nokady dörediler. Zolagyň çäginde gözegçilik-geçiriş nokady döredilip, düzüminde Balkan welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekillerinden ybarat bolan topar gije-gündiz nobatçylygy amala aşyrýar. Bu nokatda zolaga dynç almaga gelýän-gidýän raýatlardan degişli resminamalaryň bolmagy talap edilýär we koronawirusyň antigenini anyklamak üçin ekspres-test ýa-da polimeraz zynjyrly reaksiýa usuly arkaly barlaglary geçirilýär.

Agzalan resminamalar bolmadyk ýagdaýynda, raýatlar zolaga goýberilmeýär. Dynç alyşdan öýüne gaýtmazdan öň raýatlar COVID-19 barlagynyň soňky netijesi 72 sagatdan köp bolmaly däl;

Myhmanlar zolakda ulag bilen üpjün ediler. Zolaga dynç almak üçin gelýän raýatlaryň ýerli ilat bilen galtaşyklaryna ýol bermezlik üçin, ýörite gatnawlary ýola goýmak şerti bilen, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň awtoulaglary bilen raýatlar demirýol, howa menzillerinde we awtomenzillerde garşy alnyp getirilmegini, dynç alyş döwri tamamlanandan soň ugraýan ugry boýunça ugradylmagyny üpjün etmeli.