«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň resmi saýty işläp başlady

26.05.20

Hyzmatlaryny türkmen, rus we iňlis dillerinde hödürleýän saýtda onuň ulanyjylaryna mümkinçilikleriň we maglumatlaryň uly toplumy hödürlenilýär. Zolagyň döwrebap binalarynyň we ajaýyp görnüşiniň suraty arkaly saýt ulanyjylary dessine gözellikleriň goýnuna syýahata alyp gidýär.

Täze saýt «Esasy bölümden» we «Myhmanhanalar», «Täzelikler» bölümlerinden ybarat. «Esasy bölümde» myhmanhanalary onlaýn bronlamak hyzmaty bilen birlikde saýtyň beýleki bölümlerine çykgytlar ýerleşdirilýär. Ajaýyp syýahatçylyk zolagy baradaky özüneçekiji maglumatlary hem bu bölümden tapyp bolar.

«Myhmanhanalar» bölüminde, adyndan hem belli bolşy ýaly, Awazadaky myhmanhanalardyr kottejler toplumlarynyň her biri barada aýry-aýrylykda maglumatlar berilýär.

Saýtyň indiki bölüminden bolsa, bu zolak bilen bagly täzelikleri okap bilersiňiz. Şol täzelikler şu günler ildeşlerimizi ýakyndan gyzyklandyrýar. Çünki Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary tarapyndan işlenip taýýarlanan Tertibe laýylyklykda şu ýyl Awazada dynç almak üçin käbir düzgünler girizildi. Bölüm zolakda dynç aljaklary we alýanlary şol täzelikler bilen yzygiderli tanyşdyrar.

Ýeňil açylýan we amatly saýt giň mümkinçilikleri bagyşlaýar. Saýtyň hyzmatlaryndan doly peýdalanmak üçin oňa agza bolmagyň gerekdigini habar berýäris.