Esasy sahypa | Düzgünnama
Şahsy maglumatlary gaýtadan işlemek üçin razylyk
Oferta şertnamasy
Häzirki wagtda
men şahsy maglumatlarymyň “Awaza” saýty tarapyndan gaýtadan işlenmegine
razylygymy bildirýärin we şeýle razylygy bermek bilen, öz erkim hem-de
gyzyklanmalarym bilen hereket edýändigimi tassyklaýaryn.
Üçünji tarapyň şahsy maglumatlary getirilen
ýagdaýynda, men gyzyklanmalary esasynda hereket edilýän üçünji tarap tarapyndan
şahsy maglumatlaryny gaýtadan işlemek üçin, şonuň bilen birlikde: ýygnamak,
ulgamlaşdyrmak, toplamak, saklamak, anyklaşdyrmak (täzelemek ýa-da üýtgetmek),
peýdalanmak, ýaýratmak (şonuň bilen birlikde, geçirmek), ulanyşdan galdyrmak,
bloklamak, ýok etmek, şeýle hem Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna
laýyklykda, şahsy maglumatlar bilen islendik beýleki hereketleri amala aşyrmak
üçin razylyk alandygymy tassyklaýaryn.
Şahsy maglumatlary gaýtadan işlemek üçin razylyk https://awaza.gov.tm/ web-saýty arkaly Awazanyň myhmanhanalary tarapyndan
hödürlenýän hyzmatlardan peýdalanmak üçin berilýär.
Men görkezilen ähli şahsy maglumatlar bilen şu
aşakdaky hereketleriň amala aşyrylmagyna razylygymy bildirýärin: ýygnamak,
ulgamlaşdyrmak, toplamak, saklamak, anyklaşdyrmak (täzelemek ýa-da üýtgetmek),
peýdalanmak, ýaýratmak (şonuň bilen birlikde, geçirmek), ulanyşdan galdyrmak,
bloklamak, ýok etmek, şeýle hem Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna
laýyklykda, şahsy maglumatlar bilen islendik beýleki hereketleri amala aşyrmak.
Maglumatlar gaýtadan işlenende awtomatizasiýa serişdeleriniň peýdalanylmagy
bilen hem, şonuň ýaly-da, peýdalanylmazlygy bilen hem (awtomatlaşdyrylman
gaýtadan işlenende) ýerine ýetirilip bilner.
Şahsy we beýleki maglumatlar gaýtadan işlenende
“Awaza” saýty gaýtadan işlemek usullaryny peýdalanmakda çäklendirilmeýär.
Häzirki wagtda men zerur bolan ýagdaýda “Awaza”
saýtynyň meniň şahsy maglumatlarymy ýokarda görkezilen maksatlara ýetmek üçin,
şonuň bilen birlikde, üçünji tarapy görkezilen maksatlardaky hyzmatlary ýerine
ýetirmäge çekmek üçin üçünji tarapa ýetirmäge hukuklydygyny ykrar edýärin we
tassyklaýaryn.
Şeýle üçünji taraplaryň häzirki ylalaşygyň esasynda
şahsy maglumatlary gaýtadan işlemäge we www.awaza.gov.tm web-saýtyndaky hyzmatlaryň tarifleri, ýörite
aksiýalar we hödürlemeler barada habar bermäge hukugy bardyr.
Habar bermek telefon aragatnaşygy we/ýa-da elektron
poçta arkaly amala aşyrylýar.
Men bu saýtda “Ibermek” (ýa-da “Dowam etmek”,
“Saýlamak”, “Tassyklamak” düwmeleri) düwmesini basmagyň ýokarda bellenen
talaplara meniň ýazuw arkaly razylygym bolup durýandygyna düşünýärin.
Bu razylyk maglumatlaryň berlen wagtyndan başlap
möhletsiz hereket edýär we “Şahsy durmuş barada maglumat
we ony goramak hakynda” Kanunyň 8-nji maddasynda kesgitlenen maglumatlary
görkezmek arkaly meniň www.awaza.gov.tm saýtynyň
administrasiýasyna arza bermegim bilen yzyna alnyp bilner.
Ylalaşygyň hereket edýän redaksiýasy https://awaza.gov.tm/policies salgysynyň internet sahypasynda ýerleşýär.
“Awaza” saýtynyň administrasiýasynyň bu Ylalaşyga üýtgeşme girizmäge hukugy bardyr. Üýtgeşme girizilen ýagdaýynda täze redaksiýada soňky rejelenmäniň senesi görkezilýär. Eger Ylalaşygyň täze redaksiýasynda başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, Ylalaşygyň täze redaksiýasy ýerleşdirilen wagtyndan güýje girýär.
16.06.2021